26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyňgeljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ol «CLAAS» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzere minnetdarlyk bildirip, myhmanyň şu saparynyň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň netijeleriniň Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda senagat, oba hojalygy, bank, ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda-da döwletara hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle-de türkmen tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmek boýunça germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklanyldy.