Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Özbegistan Türkmenistany Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýar

27.09.2024

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk gutlagy geldi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda goňşy ýurduň Lideri türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen:

"Milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlamak hem-de Size iň gowy arzuwlarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Doganlyk Türkmenistanyň okgunly ösüp, milli bitewüligini, medeni-taryhy mirasyny, däp-dessurlaryny saklap galýandygy ýakyn dostlar hökmünde bizi begendirýär.

Biziň berk syýasy erk-islegimiz, bilelikdäki tagallalarymyz bilen özara hormat goýmaga, birek-biregi goldamaga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn. Ýokary derejedäki açyk we netijeli dialogyň işjeňleşdirilmeginiň ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy biziň kuwwatymyza, mümkinçiliklerimize laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarjakdygy şübhesizdir" diýip ýazýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlagynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, egsilmez güýç-gaýrat, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýär.