Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ispaniýanyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

27.09.2024

Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk gutlagyny iberdi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda Ispaniýanyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenip:

"Jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Ispaniýanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Jenap Prezident, Size abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!" diýip ýazýar.

Gutlagynyň ahyrynda Ispaniýanyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hormat goýýandygy baradaky ynandyrmalaryny beýan edýär.