Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk gutlagy gelip gowuşdy.
Türk Lideri "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen:
"Hormatly Prezident, gadyrly doganym!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Biziň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup goldandygymyza hemişe buýsanýarys. Biz Türkmenistany ata-babalarymyzyň Watany hasaplaýarys. Ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagy örän guwandyryjydyr" diýip ýazýar.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan gutlag hatynyň ahyrynda türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýär.