Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk gutlagyny iberdi.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda Eýran Yslam Respublikasynyň täze Prezidenti dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edýär.
"Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, iki ýurduň arasyndaky özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn" diýip, Prezident Masud Pezeşkian belleýär.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti gutlag hatynyň ahyrynda:
"Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk dileýärin" diýip ýazýar.