Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Daşary ýurt ýolbaşçylaryndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglar gelýär

24.09.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli dünýä döwletleriniň ýolbaşçylaryndan gutlaglaryň gelmegi dowam edýär. Gutlaglary iberýänler öz hatlarynda tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini belleýärler.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iberen hatynda Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmek bilen:

"Özbegistanda Sizi Türkmenistanyň dostlukly halkynyň uly hormatyna mynasyp bolan görnükli syýasatçy we döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri görkezýär, halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar. Şunuň bilen baglylykda, özbek-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselesine berýän aýratyn ünsüňizi uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde strategik hyzmatdaşlyk ruhundaky köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklarymyzyň doganlyk halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn" diýip belleýär.

"Şu ýylyň iýunynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparymyň Siziň bilen dostlugymy pugtalandyrandygyna we ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarandygyna şatdyryn. Ýurtlarymyzyň sammitiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda bilelikdäki işi mundan beýläk-de dowam etdirjekdiklerine, geljegi nazarlaýan özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga yzygiderli üns berjekdiklerine umyt edýärin" diýip, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýollan gutlag hatynda ýazýar.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban:
"Siziň bilen Aşgabatda geçen netijeli duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Bu duşuşygyň dowamynda maňa türkmen halkynyň myhmansöýerligini we dostlugyny duýmak miýesser etdi. Men duşuşykda halklarymyzyň taryhy ýakynlygy bilen baglylykda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygymyzy beýan etdim. Wenger-türkmen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletlerimiziň arasynda özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýe bolmagy mende uly şatlyk we kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Jenap Prezident, Wengriýa bilen hyzmatdaşlyga açykdygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin Siziň bilen mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigime ynandyrýaryn!

Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin" diýip, Türkmenistanyň Prezidentine iberen gutlag hatynda ýazdy.

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew gutlagynda Türkmenistanyň okgunly ösüşini we dostlukly rus-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny belleýär. Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow iberen gutlag hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Sankt-Peterburgyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we halklaryň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýandygyny belledi.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewden, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň başlygy Ýewgeniýa Gusuldan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlary geldi. Olar hem öz gutlaglarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.