Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl ýurtda alnyp barylýan uly işleriň netijelerini jemledi we geljek döwür üçin öňde goýlan wezipeleri beýan etdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň belent sepgitlere ýetendigini, onuň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen, Türkmenistanyň kuwwatly döwlete öwrülendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösdürilmeginiň ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýändigini, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanýandygyny, munuň bolsa ýurtda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär.
Bu üstünlikler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň netijesidir" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.