Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

22.09.2024

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

– Siziň zähmetsöýerligiňiz, syýasy erkiňiz netijesinde doganlyk Türkmenistan okgunly ösýär, türkmen jemgyýetinde agzybirlik, ylalaşyklylyk üpjün edilýär, ýurduňyzda durnuklylyk we howpsuzlyk pugtalanýar.

Bilelikdäki tagallalarymyz bilen gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürjekdigimize berk ynanýaryn. Işjeň syýasy dialogymyz bolsa özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder – diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hatynda belleýär.

Gyrgyz Lideri gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýär.