Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Emomali Rahmondan Serdar Berdimuhamedowa gutlag haty geldi

22.09.2024

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag iberdi.

– Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu şanly günde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň durnukly ösüşiniň hem-de abadançylygyň bähbidine alyp barýan döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, ýurduňyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň yzygiderli pugtalanmagyny arzuw edýärin – diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Täjik Lideri şeýle-de täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini, bilelikdäki tagallalar esasynda iki doganlyk halklaryň bähbidine Täjigistanyň we Türkmenistanyň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam ediljekdigine ynanýandygyny ýazýar.