Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

22.09.2024

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag haty geldi.

HHR-iň Baştutany iberen gutlag hatynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ýüzlenmek bilen:

– Hormatly jenap Prezident! Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Geçen ýyl biz Siziň bilen iki gezek duşuşyp, hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny, şeýle hem Hytaý bilen Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşiginiň” durmuşa geçirilýändigini yglan etdik, iki döwletiň arasynda däp bolan dostlugy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze meýilnamalary kesgitledik. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn – diýip belleýär.

Hytaý Lideri gutlagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýär.