Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Demir garyndylaryny öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär

21.09.2024

20-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iri gurluşyklary, ykdysadyýetiň pudaklaryny, ilaty ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda we daşary ýurtlarda demir garyndylaryna bolan islegleriň artýandygy bilen baglylykda, häzirki wagtda bu önümi öndürýän zawody gurmak mümkinçiligi öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna zawodyň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdy senagat taýdan ösdürmekde, ýerli çig-mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmakda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany demir garyndylaryny öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasy üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp taýýarlamak baradaky teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.