Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň DIM-inde Wengriýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

13.09.2024

Türkmenistanyň DIM-iniň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Ýožef Rožanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada teklipleri öňe sürdüler hem-de medeniýet we bilim ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary bellediler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler.