Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Prezident Hökümet agzalaryna brifing görnüşli halkara maslahaty geçirmegi tabşyrdy

14.09.2024

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün, 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda "Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň" kabul edilendigini belledi.

"Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen birnäçe işler alnyp barylýar. Ýakynda bolsa paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýokary derejede geçirildi" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu forumyň netijeleri boýunça seljeriş işlerini geçirip, ähli ugurlar boýunça ýurda maýa goýumlaryny çekmekde hasabatlary taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutany Hökümet agzalaryna halkara derejede geçirilen bu forumda gelnen netijeleri, anyk teklipleri jemläp, şeýle hem möhüm ähmiýetli desgalary işe girizmek we düýbüni tutmak dabaralarynyň taryhy ähmiýetini beýan etjek brifing görnüşli halkara maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemleri boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan okuw-usuly gollanmany taýýarlamak babatda degişli görkezmeleri berdi. Munuň ýurduň ykdysady ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary üçin gymmatly gollanma boljakdygy bellenildi.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň durmuşynda bolup geçen soňky möhüm taryhy wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, asylly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Ol Türkmenistanyň Aşgabatda maýa goýum forumyny üstünlikli geçirmek bilen, dünýä giňişliginde özüniň ygtybarly hyzmatdaşdygyny ýene bir gezek görkezendigini belledi. Şeýle-de türkmen-owgan serhedinde täze energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Soňra döwlet Baştutany halkara maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilendigine ünsi çekdi hem-de forumyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi.

"Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň umumy bähbidine hyzmat etjek möhüm desgalaryň işe girizilmegi we düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.