11-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda ýedi taslamanyň – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gazgeçiriji taslamasynyň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gazgeçirijisiniň, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Mary welaýatynyň çäginde «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň, Turgundy – Hyrat demir ýolunyň 1-nji tapgyrynyň Turgundy – Sanabar aralygynyň we Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat – Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsiniň ulanmaga berilmegi, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.
"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, çäräniň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri bu şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady we türkmen-owgan gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy kökleriniň bardygyny, hemme döwürlerde-de özara hormat, mertebe, deňhukuklylyk, deňagramlyk, dost-doganlyk nyşanynyň şu güne çenli dowam edip gelýändigini, bu gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýandygyny belledi.
"Biz Owganystan bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürýäris. Bu iri möçberli we geljegi uly bolan taslamalar bolsa türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze taryhy sahypany açýar" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
"Owgan doganlarymyzy we hyzmatdaşlarymyzy Türkmenistanyň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara giňişlikde hem Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady we syýasy-diplomatik goldawy mundan beýläk-de berjekdigine ynandyrmak isleýärin" diýip, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda gurluşygyna badalga berilýän taslamalar amala aşyrylanda, hasaplamalara görä, owgan halky üçin iň azyndan 12 müňden gowrak iş orunlarynyň dörejekdigini, her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeleriň gelip gowuşjakdygyny, munuň bolsa diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem, sebite hem öz oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.
"Biziň uly ýoluň – täze taryhy tapgyryň başynda durandygymyzy aýratyn bellemek isleýärin. Biz geljekde-de iki doganlyk ýurt we halk üçin hem, beýleki döwletler üçin hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýene-de köp sanly täze taslamalary amala aşyrarys" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda aýtdy.