Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund bilen duşuşdy

12.09.2024

Mary welaýatynda iş sapary bilen bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ýurduň bu sebitinde halkara ähmiýetli möhüm taslamalaryň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň "Islim-Çeşme" serhet nokadyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagy dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.

Birnäçe wagtdan soňra bu ýere Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund hem geldi. Asylly däbe görä, goňşy ýurtdan gelen belent mertebeli myhmana duz-çörek hödür edildi.

Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahundyň duşuşygy boldy.

Molla Mohammed Hasan Ahund hoşniýetli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadaga hoşallygyny beýan edip, şu günki taryhy wakalaryň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini belledi. Ol Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy-ykdysady durnuklylygynyň üpjün edilmegi babatda halkara tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigi hem-de yzygiderli kömek-goldawlaryny berýändigi, bu ugurda alyp barýan asylly işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi.

Şeýle hem myhman Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsiniň açylmagynyň, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine girişilmeginiň, Turgundy demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň hem-de Turgundy-Sanabar aralygynda demir ýoluň gurluşygyna başlanylmagynyň, Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän "Nur-el-Jahad" elektrik bekediniň işe girizilmeginiň taryhy ähmiýetini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyny gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.

"Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklary özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine daýanýar. Munuň özi bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynda, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar" diýip, Gahryman Arkadag belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri işe girizilýän we düýbi tutulýan desgalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypany açýandygyny aýtdy.

"Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň wajypdygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orun eýeleýär" diýip, Gahryman Arkadag belledi.

Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň diňe iki ýurduň halklarynyň bähbidine däl-de, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň we halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine hem goşant boljakdygy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara giňişlikde hem Owganystana mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ykdysady we syýasy-diplomatik goldaw bermegi maksat edinýändigi bellenildi. Ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada hem pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund birek-birege jan saglyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.