Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen Maldiw Respublikasynyň Pakistandaky ýokary komissary Mohamed Tohanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň wekili Türkmenistan bilen, esasan hem, syýahatçylyk we söwda-ykdysady ugurlarda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar sebitdäki ykdysady ýagdaýyň ösüşine aýratyn üns berdiler. Gepleşikleriň netijesi boýunça Türkmenistan bilen Maldiw Respublikasynyň arasynda eksport we import mümkinçiliklerini öwrenmek üçin has köp duşuşyklary geçirmek barada ylalaşyldy.
Türkmen diplomaty Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu babatda türkmen tarapy Maldiw Respublikasy bilen ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmaga we onuň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.