Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Peter Pellegrinä ýurduň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Slowakiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.