Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Prezident TDHÇMB-niň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmagy tabşyrdy

31.08.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda ýurduň söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutany täze önümçilikleri döretmek, eksporta iberilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek babatda maksatnamalaýyn işleri geçirmegiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Atdaýewe degişli tabşyryklary berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, hususy pudakda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,5 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 103 göterim ýerine ýetirildi. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 139,4 göterime, nah matalaryňky 125 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 105 göterime, gön önümleriniňki 119,6 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar — iýul aýlarynda 174 birža söwdasy geçirilip, olarda 16 müň 821 şertnama hasaba alyndy.

Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,1 göterime barabar boldy. Sergileriň 13-si, maslahatlaryň 77-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,3 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.