Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Eýranyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyryldy

29.08.2024

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna baryp, saparynyň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşykda Gahryman Arkadag doganlyk ýurduň Baştutanyna türkmen wekiliýetine bildirilen ýokary derejedäki myhmansöýerlik, işlemek üçin döredilen şertler, şol günki duşuşyklar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hem-de öz adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, oňa alyp barýan döwlet bähbitli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Masud Pezeşkiana Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hatyny gowşurdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen salamy we hoşniýetli sözleri üçin hoşallygyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, çakylyk üçin sagbolsun aýtdy hem-de özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen baryp görjekdigini belledi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamy Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ileri tutulýan ugurlarda meýilleşdirilýän bilelikdäki işleri ýakyn wagtda durmuşa geçirmäge başlamagy teklip edip, munuň üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyny mümkin bolan gysga wagtda guramak boýunça degişli işleri geçirmegi teklip etdi. Munuň özi täze taslamalary amala aşyrmak bilen bagly ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. Halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH ýazýar.