Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

02.09.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti, Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary jenap To Lama hem-de ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.