Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

09.08.2024

Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Gazagystan Respublikasynyň DIM-nde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Agzalan formatyň çäklerindäki bilelikdäki işleriň jemleri, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi.

Mejlise gatnaşyjylar daşary syýasy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurlygyny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.