Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

«Bereketli toprak» gazetine täze baş redaktor bellenildi

06.08.2024

Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýew «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün, 5-nji awgustda degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Bereketli toprak» gazetiniň ozalky baş redaktory Azat Gadamowiç Jepbarow 2023-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary wezipesine bellenilipdi.