Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanda Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi

29.07.2024

28-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 62-nji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe süren «Hazar ekologik başlangyjyny» ara alnyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Ol başlangyç Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin täze halkara platforma bolmaga niýetlenendir.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2024-nji ýyl üçin Meýilnamasynda görkezilen wezipelere laýyklykda Toparyň şu ýylyň geçen alty aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän Hazar deňiziniň güni bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Türkmenistanyň Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde ençeme ýyllaryň dowamynda işjeňlik görkezýändigini we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýändigini bellediler. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Mundan başga-da, ýokarda agzalan Meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň çäklerinde öňde durýan wezipelere aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.