Ozal habar berşimiz ýaly, 12-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Mejlisiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletiň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem geçiriler. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar - diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagynyň zerurdygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin - diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça işler degişli guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylmalydyr. Geçiriljek bu işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ýerine ýetirilmeli - diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi. Bu barada TDH ýazýar.