12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Karary bilen, Arslan Sylapberdiýewiç Eýeberdiýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Karary esasynda, Mämmetnazar Orazgylyjowiç Saparmyradow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.