Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy çalşyldy

12.07.2024

Türkmenistanyň «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Amanmyradowna Işangulyýewa, pensiýa gitmegi sebäpli, wezipesinden boşadyldy.

Bu wezipä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy bolup işleýän Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewa bellenildi. Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permanlara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.