Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew Türkmenistanda täze bellenilen gazak ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Gazak Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşlikde Prezident doganlyk Türkmenistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigi barada diplomata möhüm tabşyryklary berdi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Nurlan Nogaýewiň energiýa, ulag-aragatnaşyk, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda gazak-türkmen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe weziplere ünsüni çekdi. Şeýle-de ýakyn wagtda geçiriljek kabul edilişik bilen bagly ýokary derejeli gepleşikleriň mazmunyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, Nurlan Nogaýew bu wezipä Gazagystanyň Prezidentiniň Permany bilen 20-nji iýunda bellenildi. Ondan ozal bu wezipäni 2022-nji ýyldan bäri Askar Tajibaýew ýerine ýetrýärdi.
Nurlan Nogaýew 2024-nji ýylyň maý aýynyň ortalaryna çenli Gazagystanyň Mangistau sebitiniň häkimi bolup işleýärdi. 56 ýaşly Nurlan Nogaýewiň baý tejribesi bar. Ol magdançylyk inženeri hünäri boýunça I.M.Gubkin adyndaky Moskwa döwlet nebit we gaz akademiýasynda ýokary bilim aldy, şeýle-de ykdysatçy hünäri boýunça Gazagystanyň Döwlet dolandyryş akademiýasyny tamamlady. N.Nogaýew Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar uniwersitetiniň hem uçurymydyr. Ol birnäçe ýyllap «KazMunaýGaz» milli kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, Günbatar Gazagystan sebitiniň häkiminiň orunbasary ýaly wezipelerde zähmet çekdi. Şeýle hem Günbatar Gazagystan we Atyrau sebitlerine ýolbaşçylyk etdi. Ol öz wagtynda Gazagystanyň energetika ministriniň hem wezipesini ýerine ýetirýär.