Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Aşgabatdaky «Mirap» myhmanhanasy BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasyna berildi

08.07.2024

Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de olaryň ýurduň çäginde işleri alyp barmagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky önümçilik myhmanhanalar toplumynyň hasabynda duran «Mirap» myhmanhanasynyň binasy oňa ýanaşyk ýerleri bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasyna berildi diýip, TDH habar berdi.