Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

27.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy türkmen medeniýetini, sungatyny, halkyň ruhy gymmatlyklaryny şöhratlandyrýan şanly sene — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä tanatmakda, milli gymmatlyklary gorap saklamakda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.