Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Surinam Respublikasynyň diplomatik gatnaşyklarynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

25.06.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Surinam Respublikasynyň Prezidenti Çandrikapersad Santohä Türkmenistan bilen Surinam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutany hatynda özara hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Surinam Respublikasynyň Prezidenti Çandrikapersad Santohä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa öňegidişlik hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.