Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we işi bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynda türkmen daýhanlarynyň häzire çenli 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrandygyny aýdyp, munuň örän guwandyryjy netijedigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň galla oragyna ak pata berip, edermen daýhanlara üstünlik arzuw eden pursatyndan bäri köp wagt geçmedigem bolsa, ýokary netijäniň gazanylmagy daýhan zähmetiniň anyk miwesidir.
Şu günler ýurtda galla oragy möwsüminiň dowam edýändigini, şu ýyl gallanyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini we şeýle netijeleri gazanmakda alymlaryň uly goşandynyň bardygyny belläp, Gahryman Arkadag döwlet Baştutanynyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýandygyny, ondan ugur alyp kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde alymlaryň uly goşantlarynyň bardygyny aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle-de ýakynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, edermen gallaçy daýhanlaryň armasyny ýetirendigini belledi.