Ozal habar berşimiz ýaly, Duşenbede Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli «Suw we howanyň üýtgemegi» forumy geçirildi. Forum Ýewropa Bileleşigi we Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guraldy. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.
Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň esasy hökümet wekillerini we beýleki gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi.
Forumda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölüm başlygy Berdi Berdiýew çykyş etdi.
Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegini gollandygyny belledi.
Forumyň netijeleri Duşanbe şäherindäki «Durnukly ösüş üçin suw» atly onýyllyk konferensiýanyň jemleýji mejlisinde hödürlener.