Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Narendra Modini Hindistanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

12.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Narendra Modä Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň Halk Partiýasynyň ýeňiş gazanmagy we onuň Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz hatynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny we döwletara gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrine tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we ýurduň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.