Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň geçen bäş aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar – maý aýlary aralygynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şunda häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalygy, ylym, saglyk, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda hem-de daşary syýasat işi babatda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça şu ýylyň bäş aýynda işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-synyň kabul edilendigini, şeýle-de birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy hem-de milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar – maý aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, ýurduň daşary syýasaty bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanda şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň hasabat döwründe 6,3 göterime deň bolandygy barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda 12-nji iýunda ýurtda Ylymlar gününiň giňden bellenjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary we ähli halkyny Ylymlar güni bilen gutlady.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara hem gol çekdi.