Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasynyna gutlag iberdi

06.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Karl XVI Gustawa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Patyşalygyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.