Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti iki günlük sapar bilen Türkmenistana geldi

10.06.2024

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana geldi. Bu barada TDH habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabada iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanlaryny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, «Oguzkent» myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.