Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalary boýunça iş maslahaty geçirildi

08.06.2024

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilen şekil taslamalarydyr çyzgylar bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda degişli ýolbaşçylar gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler we täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik kuwwatlyklary, olaryň ähmiýeti bilen baglylykda hasabatlary berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy hasabatlary diňläp, degişli görkezmeleri berdi.