Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýanyň Prezidentine gutlag iberdi

10.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Portugaliýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.