Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistan CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyga gatnaşdy

30.05.2024

28-29-njy maý günleri Daşkent şäherinde CASCA+ ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň hem-de Türkiýäniň demir ýol gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda taraplar CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilmeli taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda «Özbegistan demir ýollary» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan CASCA+ ulag geçelgesi boýunça işleri utgaşdyrmak üçin konsorsium döretmek baradaky teklip öňe sürüldi. Bu teklip ähli demirýol gulluklarynyň wekilleri tarapyndan goldadylar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda CASCA+ ulag geçelgesi 3 sebiti Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan we Gruziýa), şeýle hem Anadolyny (Türkiýe) gurşap alýar. CASCA — bu sebitleriň gysgaldylan ady bolup, iňlis dilinden terjime edilende Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz we Anadoly diýmekdir. Ugruň adyndaky «+» belgisi ugur boýunça ýük daşamak bilen gyzyklanýan täze gatnaşyjylary kabul etmäge taýýardygyny görkezip, onuň esasy maksady Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerini, hususan-da, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirmekden ybaratdyr.