Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow Astana resmi saparynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we howa giňişligi ministri Žaslan Madiýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we strategiki taýdan möhüm ugurlarda tejribe alyşmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «nCa» ýazýar.
Madiýew bu saparyň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm ädimdigini aýtdy. Şeýle hem ministr bilelikdäki tagallalaryň möhüm netijelere getirjekdigine we sanlylaşdyrma hem-de innowasiýa pudagynda iki ýurduň durnukly ösüşine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda sanly ösüş ministriniň orunbasary Askar Žambakin Gazagystan Respublikasynyň sanly ekosistemasyny hödürledi. Şeýle hem «Smart Data Ukimet» maglumat we seljeriş ulgamy we «Digital Family Card» görkezildi.
Duşuşykda jemgyýetçilik hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, elektron söwdany ösdürmek we innowasiýa ekosistemalaryny döretmek ulgamynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dolandyryş netijeliligini we işewürligi ösdürmäge kömek edýän üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysallary, şeýle-de, kosmos gözleginde we ösüşinde möhüm tejribe ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
Ýaş telekeçileri goldamak we ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy.
Bilim we ylym pudagyndaky hyzmatdaşlyga, hususan-da bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, tejribe işlerini we ylmy gözlegleri amala aşyrmak mümkinçiligine, şeýle hem sanly tehnologiýalardyr aerokosmos gözlegleri boýunça okuwlara aýratyn üns berildi.