Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Gyrgyzystanyň Premýer-ministri Aşgabada geler

23.05.2024

Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Akylbek Žaparow ertir sapar bilen Aşgabada geler. Ozal habar berşimiz ýaly, 24-nji maýda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň resmi baýanat bermegine görä, Premýer-ministr A.Žaparow saparynyň dowamynda ýokary derejedäki mejlise gatnaşar. Şeýle-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.