Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohbere Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH ýazýar.
Döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilişi ýaly, Seýed Ebrahim Raisi görnükli döwlet işgäri bolmak bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň ynamly öňe gitmegi ugrunda üstünlikli işleri alyp bardy hem-de Türkmenistan bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşdy.
«Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda merhumyň ýakynlaryna we Eýranyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin!» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň hatynda nygtalýar.