Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi HZG bilen özara gatnaşyk meselelerine garady

15.05.2024

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. 14-nji maýda bolan duşuşygyň barşynda HZG-niň Baş direktorynyň kömekçisi, HZG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit edarasynyň sebit direktory Beata Andresiň şu ýylyň fewralynda amala aşyran saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň köp ýyllaryň dowamyndaky özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar. Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde geljekde hem ulgamlaýyn esasda gepleşikleri ýola goýmak we gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.

Söhbetdeşleriň pikirine görä, Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikinji toplumlaýyn resminamasy bolmak bilen, «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» ýakyn gelejek üçin özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we anyk ädimlerini kesgitledi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Halkara zähmet konferensiýasynyň geljekki 112-nji mejlisine taýýarlyk görmegi bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy diýlip, habarda bellenilýär.