Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşyldy

13.05.2024

Şu gün, 13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak, ýaşyl we sanly özgertmeler, bilim, energetika we ulag-logistika ýaly ugurlar görkezildi.

Taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Bilelikdäki maslahatynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa —Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki inistrler maslahatynyň guramaçylyk meselelerine garadylar diýlip, habarda bellenilýär.