Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda özbek Lideri şeýle belleýär:
"Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we doganlyk türkmen halkyny Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sene biziň ýurtlarymyzyň mizemez dostlugyny hem-de halklarymyzyň parahatçylyk, asudalyk üçin göreşde görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini, gaýduwsyzlygyny alamatlandyrýan taryhy we beýik ýeňişdir. Şol agyr ýyllarda söweş meýdanlarynda gaýduwsyz göreşen ata-babalarymyzyň edermenligini we batyrlygyny hatyralamak, uruşda gahrymanlarça wepat bolan gerçeklerimiz baradaky mukaddes ýatlamalary gorap saklamak, weteranlary aýratyn üns-alada bilen gurşap almak biziň borjumyzdyr.
Biziň asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda, dostlukda ýaşap gelýän halklarymyzyň pederlerimiziň görkezen edermenligi netijesinde gazanylan Beýik Ýeňşi mundan beýläk-de şöhratlandyrjakdyklaryna we olaryň görkezen gahrymançylygynyň, watansöýüjiliginiň mertebäniň belent nusgasy hökmünde ösüp gelýän ýaş nesil üçin görelde boljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin".