Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gutlag haty geldi.
"Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 9-njy maý biziň halklarymyz üçin umumy baýram bolup, ol azatlyk we garaşsyzlyk ugrunda faşizme garşy göreşde frontçularyň, tylda zähmet çekenleriň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, gaýduwsyzlygynyň, edermenliginiň nyşany hökmünde hemişelik taryha girdi. Biz janyny pida edip, Watany goran gahrymanlarymyzyň edermenliginiň ýagty ýadygärliginiň öňünde baş egýäris, uruşda weýran bolan şäherleri we obalary täzeden dikeltmäge gatnaşanlary sarpalaýarys.
Frontda egin-egne berip, uruş ýyllarynyň agyr synaglaryndan geçen halklarymyzyň dostlugynyň we mizemez jebisliginiň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, mundan beýläk-de ösdürmek üçin hemişe berk binýat boljakdygyna pugta ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu baýram gününde Size we ähli uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin!" diýip, azerbaýjan Lideri "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda ýazýar.