Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady

09.05.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlady.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.