Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny 75 ýaş toýy bilen gutlady

30.04.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

--- Dünýäde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen işleriňiz, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyňyz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin --- diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.