Angola Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky we şol bir wagtyň özünde Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisi Auguştu da Silwa Kunýa ynanç hatlaryny gowşurmak üçin, 16-17-nji aprelde Aşgabada geler. Ol bu barada Moskwada Türkmenistanyň RF-däki ilçisi E.Aýdogdyýew bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.
Türkmenistanyň RF-däki diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşlikde diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gidişi, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar iki ýurduň arasynda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini bellediler. Muňa mysal hökmünde 2023-nji ýylyň 21-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamany Angolanyň hem goldandygy görkezildi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda ýurtlaryň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy.