Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň obasenagat toplumynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. Bu barada 6-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 145,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 117,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 137,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 196,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 110,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 112,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 132 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,5 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 270,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, gowaça ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Owlak-guzy, köşek almak boýunça möwsümleýin işler guramaçylykly dowam etdirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini netijeli alyp barmagyň, gowaça ekişini hem agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli tamamlamak üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunda maldarçylykda owlak-guzy almak boýunça möwsümleýin işlere-de jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygy nygtaldy.
Döwlet Baştutany ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri netijeli dowam etdirmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda işleri netijeli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu barada TDH ýazýar.